Aýna pursady

Her gün irden bir pursat
tanyş ýüzüň görýärsiň,
tanyş gözüň görýärsiň,
ýöne gaty tanaman,
garaýarsyň, durýarsyň,
adam, aglap doguldyň,
aljak ýaly dünýäni,
nebsiň aty, jylawsyz,
alyp gaçan oglandyň,
üstesine at gerek,
gerek iliň sylagy,
ýarty göwräň eýersiz
at üstünde galgaýar,
döşün açyp şemala,
ýarty göwräň il bilen,
gowaçanyň içinde,
suw tutýarsyň, ezijä
pagta gerek, seň paýyň
ýetseň düşek her gije...

Ertir ýene şol bir iş,
başyň goýup ýassyga,
unudarsyň birsellem,
irden ejeň yralar,
oýan, oglum, turmaly,
diýer diýip il näme,
ýa-da beter bolmasyn,
islän wagtyň urmagy,
eliň bilen, dil bilen,
gysyp döwdüň dişleriň,
hem gözlediň teselli,
gözlemesiz ýerlerden,
özüň aldap ýaşadyň,
aldan bolduň ili-de,
ilem şeýle, bu belli...

A soň diýdiň beýle däl,
etdiň içiňden toba,
ýuwaş-ýuwaş çekildiň,
öňe dyzaman, yza,
diýdiň duşman gülmesin,
enem, atam ölmesin,
uzak ýola seredip,
bu dilegiň bolmady,
diňe aýna çydaýar,
her gün gamgyn bakýarsyň,
tanyş ýaly ýüz-gözüň,
gülen bolýaň ýalandan,
günbe-günden az sözüň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026