Beg pelsepesi

Al, al, al,
çil, ogurla mal-mülküni,
tala halky, ýetim, ýesir,
dul aýallar aglasyn, gül,
al, al, al,
garyp bolma, ejiz bolma,
nöker topla, artykmaç bol...

Al, ogurla bolýan ýerde,
iller sada bolsa, merde,
batyrlara garaşar kän,
janyn berjek pahyr üçin,
sen garaşma, ömür geçer,
al, al, al,
sal jübiňe, görkezme hiç,
ýa güňeňle ogurlanyň,
il gözünde arman bolsa,
hezil etseň, gülse janyň...

Men almasam, olar alar,
talar başga biri hökman,
ejiz bolsa millet, mydam
bu bir delil ogry hana,
ýa beglere, ata çykan,
ýa bahana, nebis buýrar,
al, al, al...

Dünýä gelen iki günlük,
alyp gitmez hiç bir zady,
adam kesbi almak, gülmek,
ölmek talap, talanyp däl,
şonuň üçin almaly sen,
talamaly güýçsüz bolsa,
gury saklap däriň mydam,
alan-aldy, güýji ýeten
kanunlary ýazar günde,
öz gözünden bakyp dünýä,
adamlara, agyz, dilsiz,
ýa-da dilli, emma elsiz,
ýa-da elli, emma karty
ýok hiç hili, oýny bilmez,
ýöne utsaň, utulanlar,
guraly ýok gural gözlär,
ýasar, satyn alar tapyp,
satar bolsa artykmajy,
ýykjak bolar ýykylanlar,
sylajak ýok aç, gallajy...

Iň gowusy – yza galma,
galan gürrüň erteki bor,
din-imanlar erteki bor,
erteki bor kanunlar-da,
al, al, al,
garyp bolma, egsik bolma,
nöker topla, artykmaç bol...

Adam bolmak almak diňe,
galmak däldir agzyň açyp,
ölmek däldir aç-hor bolup,
dirilikdir diri wagtyň,
gülmekdir ol, men-men diýip,
samsyk bolsa beýlekiler,
sen almasaň, olar alar,
hemem saňa diýer akmak,
bu birsellem şeýle bolar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026