Iki adamyň dawasy

Saýlanan ýok, seçilen ýok,
Taňry üçin hemmeler deň,
janly-jandar, uly, kiçi,
ýa agaçlar, goja örän,
ýaňy şine uran tohum,
otlar, güller, barysy deň,
gözi ýaşly, diýýär biri,
goý, ýaşasyn hemme diri,
zorlugy goý, goý sütemi,
beýlekisi, ýetmän demi,
gazap bilen çykýar garşy,
üzül, kesil, çalaja däl,
gowulary gowy görýär,
akyl berýär, zehin berýär,
halamaýar erbetleri,
seçýär diýýär Alla ili,
adamlary, janly-jandar,
biri hakly, biri haksyz,
beýleki ýok diýýär ýene,
adam tapdy saýlanany,
seçileni ilden artyk,
ýa ýokary edip goýup,
öz gözünden, bähbidinden
bakan bolup dünýä, ile,
bilen bolup bilmeýänin,
şert döredip birlerine,
beýlekiniň ýolun ýapyp,
boldy, belki, derdi dünýäň,
bölüp, garşy goýup, urşy
adat edip, edinip däp,
Alla, belki, gynanýandyr,
ýetik ynsap bermänine,
bermänine utanç, haýa,
ýa-da gowy, açyk ýürek,
yza çekip soňsuz zady,
bela bolýan mal-dünýäni,
ýeri, ýurdy, şan-şöhrady...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026