Araçy hakykaty

Araçylar, diýdi adam,
kanunlary basgylaýan,
ýazylan ýa ýazylmadyk,
kä döwletiň ýüzi, gözi,
bir tarapdan derdi ýurduň,
bir tarapdan berekedi,
kürsi berýän bisowada,
baý, beg edip çemeçili,
messepsizi, gülýän mydam,
messepliler gezse çydap...

Araçylar, diýdi adam,
bozulanda çyra ýolda,
el galdyryp, ýa taýakly
durýanlar dek geçiň diýip,
duruň diýip bir tarapa,
sazlap ähli hereketi,
bir işde däl, ähli işde,
döwlet bilen raýatyň,
kanunlary bozýan günde,
arasynda köpri gurýar,
geçer ýaly çyzyklardan,
gyzyl ýa-da sary diýmän,
jogap bermez olar soňra,
iliň ýary ýatsa iýmän...

Diýdi adam, araçy men,
ýol almadym düzüw bolup,
pulum bolman tölemäge
iş hakyny iş edeniň,
bitirjegiň bitmejegi,
ýetirjegiň ýetmejegi
menziline, goýman ýolda,
geldim şuňa, nahary bu
köp adamyň kä döwletde,
diýme käsi diňe alar,
ýitip gider etmän işin,
adam bolsa – her zat bolar,
işin etse, ýorgan-düşek,
ýa-da ýelek ýassyk olar,
başyň goýup, ýatyp bolýan,
araçy men, diýdi adam,
batan ýurtda gämi, galýan
ýapyşylýan agaç, belki,
aýtjak zadym il-ulusa,
özüňden gör bolsaň selki...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026