Jähennem ýoly
Çyra, baýaminnet, gije we gündiz,
ýanyp duran ýokaryňda, berseler,
aşagynda okamasaň, bilmeseň,
biläýmeli iň ýönekeý zatlary,
okatmasaň çagalaryň, ertirin,
birigünün gaýgy edip, ata dek,
ýa ene dek, görüp, bilip köçäniň
nirelerden çykarjagyn çagany,
peýdasy ýok çyraň saňa, gardaşym,
ýa internet, çyradan-da beteri,
berseler getirip, mugtuna, pully,
oňa girip, öwrenmeli zatlary,
bilmeli zatlary biljek bolmasaň,
galsaň baky boşlugyňda, dowully,
iň erbedi, hapa batsaň has beter,
birlerine hüjüm edip, edenli
bolan bolup, edip heder,
aýyp görme jähenneme gidenňi.