Ogurlanan ynam
Bolşewik, kommunist, eli ýaragly,
alla, hudaý ýok diýýärkä hemleli,
ýok edende ele ýarag alany,
ýa dilinde berjekleri gaýtawul,
ynanmazdym, bardyr diýip bir hasap,
bolup bilsem biri lal-jim susanyň,
hemem özün ýok darlardan asanyň...
Soňra öňki ateistler birleşip,
metjit gurup, hajy bolup imanly,
üstesine gelip dini, gany bir,
iş adamy, ilçi, alym... daşardan
bar diýdiler alla, hudaý, ant içip,
talanýarka gözel ýurdum günortan,
ynanyp bilmedim, imandan geçip.