Ýok edilenler

Adamda adamy ýok etse döwlet,
bir günde däl, bir ýylda däl, ýüz ýyllap,
öwrüler ol el çarpyjy maşyna,
ýalan çyrşap gözi bilen gaşyna,
garaşma, ezilen naçary goldar,
goldar ogul-gyzyn, garry enesin,
özüni goldamaz döwülen adam,
ýeke çyn söz aýdyp bilmez, garaşma,
telpek bilen tahýa bolanda millet,
içinden, daşyndan gemirip minnet,
kilim bolar ýagysynyň toýunda,
hyzmat eder elek bilen suw daşap,
öz-özüni utup karam oýunda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024