Şahyr we şer

Tötänlikmi ýa-da başga,
bolmaly zat, netijesi durmuşyň,
bilmeýärin anyk, emma
şahyr bilip ýa-da bilmän,
ýesir bolup terrorçynyň elinde,
çyny bilen onuň ýolun gorady,
gorady özi dek çäresiz bolan
otuzynjy ýyllaň şahyrlaryny,
bagtyny bolşewik wagzynda gören,
ýeňijiler ýazsa taryhy, dogry,
ýeňilenler öz-özüni ogurlap,
taryhyň öňünde bolmaly ogry...

Esgeriň adyndan, uruşda ölen,
sözledi oglan,
esgeriň gözünden, ýaraty gelen,
gözledi oglan,
duýjak boldy eneleriň hasratyn,
armanyny atalaryň,
ýorganyny serpip, uly suratyň,
ýöne urşy gören, tyly görenler,
ýer-ýegsan edilen ili görenler,
gorkusy milletiň süňňüne ornan,
gorkuzdy, belki,
gözün ýumdy uly surata oglan,
sowet uruşlaryn, mejbur esgeri,
gödek soldat diýip, özüçe öwdi,
millionlary oka beren, öldüren,
ölmez-gülmez eden ýa-da,
arasynda öz ejesin, kakasyn,
mukaddeslik ýaly ýatlady oglan,
dymyp hakykata gezek gelende,
şahyr şeriň eserini gorady,
a soň öldi esgeriniň elinden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024