Ýüreksiz tireler
Ýüregi bolmasa adamyň eger,
at başynyň gürrüňi däl, elbetde,
taýçanagyň başy ýaly bolmanda,
ýa-da owlak-guzyň kellesi ýaly,
garaşma sen ondan dogruçyl gepe,
ýa gürrüňe, gerek wagty edilýän,
garaşma sen ondan goldaw, goraga,
rehime, şepagata hiç haçan,
duzuň iýip, gatnaşsa-da saçakly,
başyň dikkä dogan, garyndaş bolup,
dostuň bolup, kärdeş, pikirdeş bolup,
aragyň başynda, börek başynda,
şirin-şeker gürlänine seretme,
arslan bolup arlanyna seretme,
gaçar adam senden, namart hökümet,
tor guranda, özi düşmejek ýaly,
ýüregi bolmasa, tireler şere
odun daşar, özi bişmejek ýaly.