Biri häkim, beýlekisi ministr
Biri häkim, beýlekisi ministr,
içeri, daşary, adalat elde,
prokuror, kazy, aldajy kileň,
ilki iýmez, soňga goýar ümsümi,
gözi gorkan, ezilen il galpyldap,
öňlerinde eder mazar tansyny,
aýal, erkek, çaga, garry, parhy ýok,
güýji ýeten diňe bir-birin dalar,
il aglak bolanda, gorkanyn sylar.
Biri häkim, beýlekisi ministr,
içeri, daşary, adalat elde,
prokuror, kazy, aldajy kileň,
aýagasty edip ejiz, egsigi,
zorladar özüni özüne iliň,
goçy bolup hiç adamsyz obada,
nobaty ýetýänçä teletobada,
yz-yzyna gider iten ýerine
ilini, milletin, biri-birini,
biri häkim, beýlekisi ministr,
kädä gabar öz-özüniň pirini.