Seniň işiň

Ýykylanlar göreşip ýa göreşmän,
hemem galjak bolmadyklar ýerinden,
kabul edip ýeňilişi,
hakdan ýa-da nähakdan,
belki, seniň işiň däl,
aladaň däl bir köpüklik,
ýakyn bolsun ýa keseki,
emmaki göreşjek bolýan,
düşünjek bolýan özüne,
bizar bolman öz-özünden,
durjak bolýan aýagynyň üstünde,
basylmajak bolýan dünýäň şerinden,
hem işiň, hem ilki aladaň bolsun,
ýetişjek bol ýykylmanka,
ýitirmänkä umydyny,
depesinden basylanda,
itilende ýeňsesinden,
oklananda gara gorpa,
eliň uzat, eliň ýetse,
ýa bolmasa duýgudaş bol uzakdan,
sebäbi sen ýan beren däl, göreşýän,
duruşýanlar bilen diri duzakda...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024