Surat

Ýiten nesil

Silence is complicity. Linda Sarsour

Sakgalyna, çal başyna seretme,
olar dogup-dogman ýiten nesildi,
bolşewigiň saýasynda,
sorag bermän näme diýse,
ak mekdepde kitap okap,
soňra okap gazetleri,
erksiz adamlaryň ýazan zatlaryn,
ownuk işde bolan iri,
sebäbi meýletin-mejbury bolup,
ata-babasyna atanak çeken,
hem top atan geçmişine geplemän,
galyp biljek däldi ölmänkä diri;
indi ogullary, gyzlary ýitýär,
agtyklary ýitýär ölmän,
sebäp atalaryn derňemeýärler,
ýa düşünjek bolmaýarlar näm boldy,
ýa gulak gerjegi köplük däl beýle,
düşündirjek bolsa jan edip biri.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024