Bäşim Annagurbana

"Then the day will come when what happened to you will happen to me, too, Samet." Nazim Hikmet

Kaka, zyýany ýok, goýbermesinler,
meni seniň mazaryňa,
gynanma öňküleň ýaly,
ol gün geler, bararyn,
hiç kimden soraman wiza,
ýa görkezmän pasportymy,
hiç bir ogry ýa diktator,
gorkýan ogurlygy üçin,
ýalanlary üçin soňsuz,
saklap bilmez meni ýoldan,
saklan ýaly etse-de,
tanky ýa-da türmeleri,
beýnisiz nökeri bilen,
hatda ýüz, müň bolsun sany,
hem sanasyn ýalňyşlarym,
mamla ýerim görmän asla,
iň esasy - sen gynanma,
bararyn men hökman bir gün,
aşak egip gedem başym,
hemem ýene ötünç soraryn senden,
elimden gelmedik hem bitmän galan
işler üçin dirilikde,
çünki munda saklap bolýar adamy,
emma soň başarmaz olar,
bilýän, ol gün şeksiz geler!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024