Adam neden ynanmaýar?
Ady näme bolsa bolsun,
"Halkyň haky" ýa "Adalat",
neden adam ynanmaýar
partiýanyň başlygyna,
ýa-da milli howpsuzlygy goraýan,
ýa olardan has ýokarda oturýan,
kasam eden kanuny
goramaga soňuna çen
has ulurak başlyga
neden ynanmaýar adam,
ynanan bolsa-da käte,
ýa ynanýan diýse-de,
oňa derek içinden
hiç görmedik-bilmedik
allasyna ynanýar ol,
hudaýyna ynanýar ol,
taňrysyna ynanýar ol,
umyt edýär iň bolmanda,
hakyny hem adalaty
adamdan däl, alladan,
almakçy ol, nesip etse,
hem çagyrýar içinden
başlygy däl, allany,
neden adam baş egse-de başlyga,
ýek ýigrenýär bildirmän,
hem garaşýar adalata asmandan,
umydyny öldrürmän.
Neden adam görýänine ynanman
görmeýänne, görmejegne ynanýar,
ýa görneniň görünýärmi ýüregi,
açgözlügi, ogrulygy görnetin,
neden adam ynanmaýar partiýa,
ýa aňýarmy onuň iýjegin etin?..