Garaşma
Adam pyşyrdady içinden, sessiz:
Garaşma, züwwetdin, gorkak,
Aždar bilen Ahmet däl men,
elime ýarag almaryn,
begendirmerin seni,
atyşmaryn seniň bilen duelde,
garyp halkyň oglanlaryn,
ellerine ýarag berlen,
öldürmerin saňa derek,
seniň üçin, garaşma;
garaşma, okum gutaryp,
ýaralanyp on ýerimden,
gan ýitirp ölmerin,
tapylman agzyma damja
suw damdyrjak Aşgabatda,
sen ölersiň öňki ýaly öldürip,
baky bolup boljagyna ynanan,
baky galyp boljagyna ynanan,
emma men öldürmän uzak ýaşaryn,
hem gidemde bolar biri gynanan.