Surat

Adam we it

Öz diliňde gürleýän,
özüň ýaly kitap okan,
kitap ýazýan beteri,
hem başgany aldan bolup,
özün saýýan gerçek, är,
adam bilen gürleşenden,
adam bilen düşünşenden, eý, aman,
it bilen gürleşeniň,
düşünşeniň aňsat ýaly kämahal,
sebäbi ol aç bolup,
bulasa-da guýrugyn,
adam ýaly, dok boldukça,
ýalan-ýaşryk sözlemeýär,
has dogrusy - gürlemeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024