Surat

Olar

Olary öz ellerinden
geljek hemem aljak ýok,
gutarjak ýok olary,
halas etjek ýok asla,
belki, niýet ýok beýle,
häzirlikçe bolmanda,
sebäbi birek-birege
sylag-hormat, geçirim däl,
rehim däl azajyk,
gahar öňe çykan ýaly,
käte ýüzün gizläp, bukup,
ýa bahyllyk - baş gylyk,
çekilmeli yza, yza,
etjek bolsaň gowulyk,
şärik bolsaň dürse, dogra,
sebäbi bu asyl-asyl
hoş ýakmajak uly ogra,
gaýdýanlara ondan aşak,
ýa saklanjak bolýanlara
aşakdan ýokaryk daşap.

Olary öz-özlerinden
gutarjak ýok, bolmaz, belki,
bu golaýda, beri-bärde,
sebäp durup oýlanmaga,
hem diýmäge ’nirä barýas?’ -
maý ýa pursat ýok hiç ärde,
ýa-da aýalynda kimsäň,
hiç kim özün görmän, bilmän,
başgalary görýär ilki,
hem başarsa adam ogly
boljak bolýan ýaly tilki,
ýylgyran bolup ýalan,
hiç ýalandan utanman,
olary öz ellerinden
geljek hemem gutarjak,
halas etjek ýok, meger,
gowusy duraýyn, besdir,
sebäp, bilýän, daş bolup,
aýdanym özüme deger.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024