Surat

Boýun alyş

Düýnki ogry ýa at satan,
ýa it satan, parahor,
ýa prokuror, ýa-da sülçi,
ýa-da jellat adaty,
öwünýän türmede tussag
urdum diýip içende,
ýa-da professor para-peşgeşden
başga zady bilmeýän,
ýa-da öňki şugulçysy kgb-äň,
öňki häkim ýa ýene kim,
ogly, gyzy birleriniň,
demi dag ýaran ozal,
soň türmede ölen-ýiten,
ahlak temasyndan leksiýa okar,
a sen oturarsyň sesiň çykarman
diýseler hiç ynanmazdym,
emma indi şeýle boldum,
düýnki ogry şaglap gelýär köçeden,
bilmedim men çekindimmi, uýaldym,
emma ýoldan sowuldym,
sebäbi olar dek bihaýa, gödek,
diýmek, gözsüz batyr däldim.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024