Surat

Sylanan adamlar

Ýyldyzdan ýol ýasap, aýa sataşdym. Magtymguly

Olar il içinde tanalan adam,
sylanan adam,
goşgulary diňlenen,
el çarpylan käte turup,
bolmasa-da hemmesi bet,
orden-medal, at-dereje alanlar,
kitaplary çykarylan, satylan,
hem okalan hekaýasy, kyssasy,
şatlygyny has ulaldan durmuşyň,
ýa ýok eden gussasyn,
çünki şeýle kitap gowy görlerdi,
öwülerdi gahrymanlar oňaýly,
belki-de amatly ýokaryk diňe,
belli bu gün sähel seretseň siňe,
olar oňaýlydy eziji üçin,
sebäbi diýdirmän çökýärdi dyza,
gylyçdan, gyrgyndan galyp,
çekinen bakmaga yza.

Olar il içinde tanalan adam,
sylanan adam,
goşgy ýazan, kyssa ýazan,
kitaplary çykarylan azda-kän,
hem çagalar, hem-de ulular üçin,
her žanrda, belki-de,
gyzdyrmak üçin gazan,
hem bilýäris, düşünýäris indi biz,
nämeler edilmez ýaşamak üçin,
ýazyjy, hudožnik, şahyr, sazanda,
haýry taşlap bir gyra,
göçürişer şeriň göçün.

Emma muny aýdyp-diýip durmazlar,
millet geçirimli çyn däl, ýalana,
olar hergiz aldanyn bagyşlar,
bilip ýa-da bilmän aldawçyň halyn,
olar il içinde tanalan adam,
sylanan adam,
hemem adam bolman bolanlar alym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024