Surat

Ilki borjuň

Ilki borjuň ejeň bilen hoşlaşmak,
ataň bilen hoşlaşmak,
soňky ýola gitmezden öň,
elin gysmak, maňlaýyndan ogşamak,
"Razy bol, eje!" diýmek,
"Razy bol, kaka!" diýmek,
bäri-bärde bolsaň gelip,
soň egniňe gitmek alyp,
ezizleriň ýitiren,
ses etmek bagyryp, ýalandan däl, çyn,
hemem belli günlerini,
üçüni, ýedisin, kyrkyny sowmak,
gelene "gel" diýip aýak üstünde,
a gidene berip köşekli düýe,
edip bolsa,
ýetip bolsa,
ne bar muňa ýetesi,
arzuwy ýomudyň tekäň,
başa barmaz entejik kän,
KGB durýarka mäkäm,
hem ýüz ýyllyk sütem, zorluk
üstündekä ulus iliň,
diňe ejeň, kakaň däl,
terror astynda galyp,
talaň astynda galyp,
ýalan astynda galyp,
dogany däl diňe bir,
indi dogjak çagalar,
diňe şu gün, geçmişi däl,
gelejegi talanýarka,
öldürilýän ile bakyp,
sessiz galmak gowy däl,
iliň bilen galaňda ýa gaýdaňda,
ýa gowy däl bagyrmazlyk ölýänçäň,
iň sypaýy ýa-da ýumşak aýdaňda...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024