Surat

Gowy adamlar

Olar örän, örän gowy adamlar,
dilleri salamly, ýüzleri açyk,
ýürekleri ýagşy umytdan doly,
güler ýüzli gelene hem gidene,
agyr ýa-da ýeňil bolsun ahwaly,
toýy, ýasy sypdyrmazlar hiç haçan,
görünerler hökman gelip,
agyr hassa bolmasalar,
bolmasalar ýolda-yzda,
ýa eşitmän galmasalar,
soň gelerler juda bolman,
bölüşerler şatlygyňy, hasratyň,
olar örän, örän gowy adamlar,
çalyşasyň gelýär bolsa,
eşeklerne berip atyň.

Olar örän, örän gowy adamlar,
dilleri salamly, başlary aşak,
sähel-mähel zada üýtgäp, gomalyp,
ýa-da agyp, dönüp, gujagna böküp,
gitmeýärler akyp her gelen sile,
aglasaň - sylýarlar gözüň ýaşyny,
gülseň - gülüşýärler bile,
olar örän, örän gowy adamlar,
heýem erbet diýip bolarmy ile?

Emma, walla, olar beýle gowy däl,
başlyklara garşy dursaň, göreşseň,
hiç ýanyňa gelmeýärler,
ýa-da ýolda sowlup geçýärler görüp,
iki-ýeke, dosty-ýaryň bolmasa,
ýa bolmasa ýakyn garyndaş, pylan,
ýa-da garyp-pukaralar,
güzerany gaýgy mydam,
olar örän, örän gowy adamlar,
hem meger gowulyk bilen
özleri özlerne salynan duzak,
sebäbi ýüzüne gelmeýärler hiç,
wezipesi uly bolsa adamyň,
ýüzlereinden ýöräp gitse-de uzak...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024