Surat

Adam hakykatdan gaçsa

Adam bizar bolýar, irýär
iňirdiden, hüňürdiden,
nägile bolýandan soňsuz,
ini, aga bolsun eziz,
ýa-da bolsun keseki, ýat,
ýaňsylan ýa gülen bolup,
bardygyny bildirýänden,
taýak ýa demir tapmasa,
tigrine çöp ildirýänden.

Adam bizar bolýar, arýar,
hatda dosty bolsun eziz,
edenini edip bilmän,
diýip bilmän diýenini,
(sebäbi bular hatarly!),
ýykylsa begenip daşdan,
ýa heşelle kakyp içden,
ganyn sarkyryp gaçanda,
dürresinden ogrularyň,
hiç gelmese ýalňyşybam
obasyna dogrularyň.

Adam bizar bolýar, durýar,
daýysy ýa daýzasy,
ýa ýegeni bolsun ýalňyz,
arkalaşjak gara günde,
nä günleri gördüň diýmän,
hiç soraman hal-ahwalyn,
yzyndan gargasa islegi çykman,
üstesine mydam, soňsuz
öz-özüne etmedik
ýagşylygna garaşsa,
adam bizar bolýar hatda
ekiztaýy bolsun, walla,
adam hakykatdan gaçsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024