Surat

Sen özüňi sorag etme

Sen özüňi sorag etme beýle kän,
sülçi bolma öz-özüňe matlaply,
ýene birniň öýün ýykjak keýpine,
ýa-da para aljak ullakan, goçak,
garalawçy bolma mugtuna hergiz,
olar sensizem kän, her öýde, belki,
garalyk gözleýän diňe,
emmaki aklawçy tapylmaz asla
mugtuna işleýän, seretseň siňe,
sen özüňi sorag etme beýle kän,
bir ýa iki sorag ýeter kämahal
hakykaty biljek, görjek adama,
goý, işlesin garalawçy mähelle,
ters yzyny çalyp her bir ädimiň,
her sözüňden many alsyn başgaça,
köşeşedirmek üçin özün,
içindäki prokurory, müňküri,
geçilen ýol aýdar kimiň kimdigin,
sorag edip bilip bolmaz adamyň
kalbyndaky müň kiri.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019