Okadýarlar olary
Okadýarlar olary,
akylly däl, aýdyň däl,
akmak etmek üçin, belki,
ellerine kitap berip,
ýalan-ýaşryk ýazylan,
hem gygyryp, gorkuzyp,
öwredýärler ýalany
çyn söz ýaly ynanyp,
ýa-da berlip aýtmagy,
a soň bilim alan ýaly,
aýdyň ýaly hakyky,
hoşwagt bolup gaýtmagy.
Okadýarlar olary,
azat ýa-da erkin däl,
erksiz etmek üçin, belki,
çünki ozal özlerini
okatdylar şol mekdepde,
ýalan-ýaşryk ýazylan
kitaplary ýat tutduryp,
şondan olar toý toýlaýar,
gelejegin utduryp.
Okadýarlar olary,
aýlykly däl, düşewüntli,
ogry etmek üçin, belki,
eli ýeten ýerden alýan,
gaýdyp berýän tutulanda,
a tutulýan köpelýär,
käsi gelse boşap bir gün,
kimsesi türmede ölýär...
Okadýarlar olary,
bagtly etmek üçin däl,
betbagt etmek üçin, belki,
käbirleri bilýär muny,
emmaki het etmeýär
aýtmaga, diýmäge,
kaýyl bolup her çärä,
her lybasy geýmäge.
Okadýalar olary
ertir hakyn iýmäge.