Kadasyzlyk
Ýaşkaň kada-kanunyň
"k" harpy hem ýok ýerde,
hamala, kanun bar ýaly,
kada bar dek oýlanýaň,
pikir etjek bolýarsyň,
diýjek bolýarsyň sözüň,
emma soň, ýaş çene baryp,
görýäň kada-kanundan
"k" harpy bar ýerde hem
adamlar kanun ýok ýaly,
kada ýok dek ýaşaýar,
çeke durýar kemsidilen,
haky iýlen bendeden,
iki-ýeke bolsa-da
ýeňsesini gaşaýan,
şeýdip kadasyzlyk öwrülýär kada,
hiç kadadan çykmasy ýok,
hemem hiç bir kada sygmaz dünýäde.