1937
1937-de "kolhoz gurluşygyna garşy boldy, basmaçylara at satdy" diýip, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen atam Annagurban Seýitmyrat oglunyň ruhuna bagyşlaýaryn.
37, sen nämüçin gitmediň,
ýa-da bizi beýle gowy gördüňmi,
ýa biz saňa aşyk boldukmy aşa,
ýa-da biziň üçin türme, kemsitme
ýazgytmy, kysmatmy ýazylan daşa?
37, sen nämüçin gitmediň,
ýa-da biz, özümiz goýbermedikmi,
yssy ýurtda Sibir sowgun
isledikmi hemişelik,
sakladykmy bagra basyp,
gitjek bolsaň başyň alyp?..
Ýok, bu sorag akylly däl, bilýärin,
bizde akyllylar sorag bermeýär,
dymýar hemem amatyna garaşyp,
gapyl galýar, bela nirden
gelýär ýa-da geljek, asla görmeýär,
ynansa-da özüne,
a soň, giç bolansoň bolsa,
ýazgyt diýip gowrulýar
içde öçen közüne.
37, Staliniň zürýady,
Stalin bolmasa bolmazdy diýýän,
ýa-da diýýän zerurlygy zamanaň,
walla, gaty görmesinler,
mamla dälmikä diýýän.
Emma eger milýon-milýon şugulçy,
donos ýazýan ýokarlaryk anonim,
ýa gybat ýaýradýan, goluny goýman,
soň olaň donosyn iş edinenler,
basgançak edinen ýokaryk, aşak,
belki-de dowzahyň içine göni,
ertir gitjek goşy-golamy bilen,
milýon-milýon bolmasady diýýänler,
azlygam bolsa mamla,
Stalin däl, hiç hökümdar
türme edip bilmez ýurdy,
adam satýan bolmasa,
ýa atýan bolmasa dürsüň döşünden,
çem gelen ýaragy çenäp, çenemän,
ýüzi galyň düýäň dabany ýaly,
bagyşlasyn meni düýe janawer,
ata-baba halal malym?!
Ýa çyn bazar bolmasa,
işi bolmasa adamyň,
özüne mynasyp, halal,
okuwsyz diplomly bolsa,
iň gowy ýol aldaw, hile,
aty çykýan loly bolsa,
baş basyryp ýatmalymy?
Ýa bazar, haryt ýok diýip,
adam adam satmalymy?
37, sen nämüçin gitmediň,
ýa-da bizi beýle gowy gördüňmi,
ýa biz şeýle gowy gördükmi, walla,
bir-biregi kemsitmegi, depmegi,
galmaz ýaly edip, eger başarsak,
ýitirim etmegi türmede, tünde?
37, boldukmy ýa bir jan, ten,
segsen ýyllap adam iýip her günde?..