Zaýalanan söz

"Jähenneme giden özüne ýoldaş agtarar." Türkmen nakyly

Nadan üçin, aýdylan söz,
altyn bolsun, bir köpük,
ol onuň asyl manysyn
bilip bilmez hiç haçan,
ýa-da hiç biljek bolmaz,
sebäbi ol öz deňinden
galjak bolmaz ýokaryk,
a aşak her gün gaçar,
isleýän zadyna ynanar, öwseň,
erni gulaklarna ýetäýjek bolar,
şondan hergiz nadana
altyn diýip hemişe,
kümüş ýa mis bererler,
ol hoş bolar, tersine,
gaharlanar ak altyndan
hatda gürrüň edene,
wah, ýene söz zaýaladym
jähenneme gidene...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024