Surat

Adam we ölüm

Bir tanşymyň ajy habaryndan soň sere gelen sözler

Ol, dogry, iň beýik däldi,
ýa-da däldi iň akylly,
adaty adamdy, başgalar ýaly
kemçilkli, belki, sansyz, sajaksyz,
pes ýerleri bardy ýaman,
emma gowy taraplary,
artykmaç ýerleri bardy,
deňeşdirseň, elbetde,
işläsi gelýärdi adalat üçin,
dogry, her kes adalata
öz gözünden,
öz kalbyndan seredýär,
o birlerniň adalaty
başgalara adalat däl,
sulum-da bolup biler;
ol, dogry, iň beýik däldi,
ýa-da däldi iň arassa,
emma gynandym gidende,
sebäbi hiç garaşmandym
beýle ir hem garyp öler...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024