Doly hakykat

Ýüz berilse, adam pahyr,
sorag berýär yz-yzyna,
jogap alsa birine,
derrew galyp dyzyna,
ikinjisin isleýär,
soňra üçünjisin isleýär, dogry,
hemme bilýäniňi aýdyp bolanok,
agzyň bişen bolsa ozal,
emmaki adama hakykat gerek,
ýarpy, ýarymçyk däl, doly hakykat,
ol bilmeýär bilmeýänin hiç kimiň
doly hakykaty, ähli ýagdaýy,
hemem ony bilse birden,
başarjagyn kabul edip, siiňdirip,
düşünip biljegin oňa,
ýa deregniň dargajagyn
bilip bilmeýär adam,
ýöne sorag berýär ýüz berseň hökman,
borçly ýaly ýüz beren
hakykata doly, açyk,
göz bolup garaşaýar isleýän zadyn
eşitjek bolup uzak,
bu ýerde bir şükür etmeli zadyň,
jogap bermän bilýän bolsaň,
a soraýan kgb ýa
bolmasa has beter duzak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024