Surat

Betpyglyň bagtsyzlygy

Tämiziň, arassaň derdi
tämiz etjek dünýäni,
adamlary has beter,
hapa bolan ýerin ýuwjak, süpürjek,
kömekleşjek başgalara,
gyşda gary tegmillerden gabanjak,
ak don geýen agaçlara guwanjak,
ýalňyşlary üçin özün gemirjek,
emma päliýaman başga,
daşdan näçe ýylmansa-da,
içi galýar hapalygna,
hem hemmäni hapa etjek,
itjek gara çukurlara,
tämiz ýorulýar, ýadaýar,
durup onuň öňünde,
hemem bagty şonda onuň,
betpyglyň bagtsyzlygy
görjek bolmak bagtlyň soňun.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024