Türşek hakykaty
Olara hiç dahyly ýok bu işiň,
ýa-da bu sözleriň, meniň derdim bu.
Ilkiler kyn düşdi çekmek, götermek,
meger indi gündelik ýük gerdende...
Ilkiler diýerdim bu nämä gerek,
ýaş başyňa dünýäň derdin götermek?
Soň seretsem hudaý soraman berýär:
kime näme - gawun-garpyz ýa gürmek.
Ilki waharmanyň gämigi ýaly,
begendiren iki gulak gämikler,
türşek bolup çykýar-da soň,
gülýär seni pitikläp...