Gideniň yzynda
Adam diri wagty, aýatda wagty
her kim ony öz arşynda ölçeýär,
hasaplaýar ownuk-uşak,
ýa-da iri kemçiligin, ýetmezin,
eýle diýýär, beýle diýýär özüçe,
beýikligin görmeýär,
ýa kemter garaýar eden işine,
meger, şeýdip özem bilmän
başga birin ynjydýar,
içinden edip güman,
pikir-oýlary bilen,
emma adam ölenden soň
için tutup oýlanýar,
gidene diläp iman,
adam boljak bolýar nebir,
öz-özüni, kemçiligin derňeýär,
şeýdip başlanýar jebir;
özi adam bolan adam
giden bendäň yzynda
görmedik ýa ozal kembaha garan
işlerini ykrar edýär,
diri mahalynda edişi ýaly,
ol eýle, bu beýle diýmän..