Adam we bahyllyk

Adamy öz bahyllygy uranda,
seňseländen beter bolar.
Görmez öňündäki zady,
ýa görse-de bilmez näme,
eliň galgat ýa-da gygyr,
hiç "hä" bermez tutsaň adyn.

Milleti öz bahyllygy uranda,
doga güňden beter bolar.
Goý, hernäçe diýen bolsun ýa aýdan,
peýdasyna, zyýanyna düşünmez,
öňe barýan diýip, yzyna gaýdar,
hemem buzda tozan turzar, gömüler;
syçrap duran aty bolsun öňünde,
eýerlengi, jylawy-da elinde,
emma üstüne münmez,
aşagyna sümüler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019