Bes et diýýärler
Bes et diýýärler ýazmaňy,
görýäň, adamlar okanok,
diýenoklar diýýäniň ne,
höwesi ýok söze iliň,
neneňsi hak bolsa bolsun,
eliňden iş gelmese,
bek kürsüde oturyp,
bes et diýýärler ýazmaňy,
ganyňa galam batyryp.
Diýýärler çolardy daşyň,
galmady ýeke goldaýan,
bu çakda hak soraýana
haksyzlar salam bermezler,
bes et diýýärler diýmäňi,
sebäbi dymmasaň indi
ataň, agaň mazaryna
bäri-bärde goýbermezler.
Bes et diýýärler ýanmaňy,
güneş bolmaz ýeke şemden,
düşün, seniň uçgunyňa
gelen bolmaz çykyp tümden,
zyň diýýärler galamyňy,
irmediňmi, armadyňmy,
öz-özüňe gabyr gazyp?
Jogap tapamok berere,
ýa-da ýadapdyryn ýazyp...
Meger, garyp neşekeşiň
neşe bilen galyşy deý,
kanuny ýa gaçak bolsun,
iýermeniň ýagly kakmaç,
manty bilen galyşy deý,
her neneňsi saçak bolsun,
içermeniň içişi deý,
iň soňky demine çenli,
çilimkeşiň çekişi deý,
öýkenniň soňuna çenli,
mal ýyganyň halal-haram,
galyşy deý läş üstünde,
aýalbazyň iş üstünde,
bagtly ýa-da bedibagt,
bilip bilmän ölüşi deý,
ýa-da bir garyp çopanyň,
jaýlansa-da jesedi,
taýagy, çokaýy bilen,
mal yzynda galyşy deý,
ene ýaly çagalarnyň
çagasyna ene bolup,
çaga üwräp soluşy deý,
ýa ýazmagam ykbalmyka,
ýa-da adam ykbalyny
saýlaýarmy özi bilmän,
galjak bolup ölüp ölmän?..