• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Göreş meselesi

"Ýekäniň çaňy çykmaz." Türkmen nakyly

Göreş birniň meselesi bolmaýar,
käte göreşse-de diňe birleri,
iki, ýeke bolup müň garşysynda,
döşlerini tutup, ýagmyr deý güllä,
beýlekiler ýatyp, garaşyp yzda,
näden-näme bolar diýip yşyklap,
ýorgan aşagyndan çykaryp kelle.

Göreş birniň meselesi bolmaýar,
onda-da adalat üçin,
hakykat üçin göreş,
pul üçin däl, mal üçin däl,
ýa-da wezipe üçin,
şöhrat üçin ýalandan,
diňe galplyk bilen gazanyp bolýan,
saklap bolýan birneme,
ili çykaryp sandan.

Göreş birniň meselesi bolmaýar,
çünki birniň çaňy çykmaz, çyksa-da
suw seperler ol çaňa,
göreş birniň meselesi bolanda,
"haýyn" diýer döwlet oňa.

  • 07.03.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Isleseň gül, isle agla 22.02.2019
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019