"Dogan" sözi
"Dogan" sözi niçik eziz,
niçik gözel eşidilýär,
hatda bilmezden diýseler,
ýüzlenseler gardaş kibi,
adyň dile gelmän ýa-da
eý görüp, syýasat üçin,
dogan ýaly ýylgyrsalar,
bir zatlar bolýar ýürekde,
beýniň-başyň ýumşaýar,
açylýar ýüzüň-de, belki,
göwnüňe nur inýär biraz,
çünki dogan bir ýatgyda ýatany,
bir atadan, bir eneden öneni,
bir ojakda ösenleri aňladýar,
paýlaşyp bir döwüm nany,
aňlatmaýar ertesi
duşman boljagy asla,
bir-birege töhmet atjak,
ýarag çekjek göni ýa-da arkadan,
dökjek bir-biregiň ganyn,
ýat-keseki adamlary,
diňe özüni bilip;
"dogan" sözi niçik eziz,
bolman bolsa diňe ölüp...