• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Ýol hasraty

"Adam ýykylanyny bilse, aýak üstüne galar." Alexis Carrel

Atdan düşürseler, agdarsalar ýa,
üzeňňiňi kesip, jylawlap atyň,
atsalar kirşenli ýola,
agzyň-burnuň gumdan dolsa,
üsti-başyň kirşen bolsa,
iň esasy akyl-huşuň,
başyň-beýniň gurşan bolsa,
a atyňy Artygyň
aty ýaly alsalar,
eýerinem bermän hatda,
ýöne sen düşünmeseň,
bilmeseň näme bolanyn,
nämeleriň özgerenin, üýtgänin
hiç aňmasaň aty kimiň münýänin,
görmeseň ýüzüni jylaw tutýanyň,
debsäp aýaklaryň ýatan ýeriňden,
galgadyp gamçyňy saga hem sola,
barýan diýseň iň öňden,
ne haýpyň geler özüňe,
ne-de haýpyň geler ýola.

  • 29.02.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019