Öç taňrynyň elindemiş

"The revenant“ kinosyndan soňky bellik

Adam kast edende adama ilki,
gara güýje daýanyp,
hasap eder öz ýanyndan,
adam hasaby bilen,
hasaby bilen däl hakyň,
hemem netije çykarar,
aryn alyp bilmez indi,
çünki sypmaz duzagymdan,
öler ýa-da ölmez-gülmez bir halda,
galar uzak ýyllar ejiz hem naçar,
ahyrynda gazyp goýan gabrymda,
üstüne gum süren ýerimde öler,
adam kast edende adama ilki,
daşdan däl, içinden güler.

Adama düşünip bolar aç bolup,
eline susak ýetse,
hassadyr ol, agyr hemem aýňalmaz,
bir-ikä däl, ulus ile kast etse,
rysgalyny ogurlasa aýal-oglan-uşagyň,
hem gaýdyp bilmese yza,
ýeke-ýalňyz ýoly bolsa,
hemmäni çökermek dyza...

Emma susak ýok ýerinde,
gyşda, garda, sowukda,
ýolda bir-birege arka bermeli,
daýanmaly bir-birege,
bir-biregi goramaly,
belki, güýçlini has beter,
agyr ýaralyny hatda,
(ölenden soň ýazman gowudy diýip,
akyllyny aýamaly aýatda?);
düşünmek kyn, heniz menzil uzakka,
tutulmadyk aýyň derisi diýip,
adam ýolda ýoldaşyna kast etse,
duşmandan öňürdip urup,
hem ýene dost bolan bolsa,
ýykylmasa, ýanda durup.

Dogry, bahyllyk bardyr,
bardyr ýene müň bela,
adamy içinden iýýän,
akyla salman sala,
adam kast edende adama ilki
hasap eder öz ýanyndan,
gitjek ýeri ýok diýer,
çykmaz diýer bu çukurdan,
bilen bolup ýagdaýyny aňrynyň,
hemem diýer aryn alyp bilmez hiç,
emmaki ar elindemiş taňrynyň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024