Surat

Özüňi zyňma

Bu belli zat, özüň boljak bolmaly,
hem hemişe özüň bolup galmaly,
emma ilki özüňi tapmak, tanamak müşgül,
soň ynanmak müşgül özüňe diňe,
duýgularňa, aýdanyna ýüregiň,
a soň galmak müşgül özüňden gitmän,
käte akym garşysyna, ýeke urup küregiň,
emma müşgüllikler bir ýana şeýle,
eger özüň boljak bolsaň,
galjak bolsaň özüň bolup,
bagyşlamaz özi däller,
her kimden azajyk alyp,
her kim bolup bilýän ýagdaýa görä,
geçip gitmek müşgül tikenli ýoldan,
gyzganlaygyň içinden,
çykmak müşgül açyk ýola,
belentlige hemişe,
hemem müşgül düşmek ýöräp,
aralykda aralyk kän, jaýryk kän,
barybir, barybir özüň boljak bol,
galjak bol özüň bolup,
zyňma özüň öz-özüňden aýryp kän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024