Surat

Birlik

Olar erkin ýaşamaga
garşy boldy birleşip,
agzybir bolup örän,
uly-kiçi, ýerden ýörän,
birleşip durdylar erksize arka,
gelmediler ýanyna
erkin aýdym aýdanyň,
ýa-da saz çalanyň azat,
ýortdular ýanyna ýaýaplan bolsa,
azaby az, aş-azygy kän ýere,
ýaýdanany az boldy
şärik bolmaga şere,
sebäp hiç kim gury iýjek däl nayn,
mümkinçilik bolsa, edinjek huruş,
bolmanda dymdylar bile,
yza çekilip ussat,
özlerine dahylsyz deý bu uruş;
olar erkin ýaşamaga
garşy durdy birleşip,
meger, şondan iki adam tapylmaz,
hak ýoluna çykjak hemem
kömek etjek bir-birine gürleşip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019