• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Pesi pesiň özüne goý

Umman ýaly giň bol kenara aşyk,
pesi pesiň özüne goý dünýede,
pisi pisiň özüne goý başarsaň,
agzyňy deňeme, sanaşma, durma
ýa ýanyndan geçme başarsaň asla,
mesi mesiň özüne goý başarsaň,
barma meýlisine, ýüzüni görme,
şondan başga jeza gözleme oňa,
iýsin özün ýa-da öz çorbasynda,
çorbasynyň çorbasynda belki-de
gaýnasyn, öz-özün içsin bal edip,
arzuw etsin: "Alla, ýanymdan geçsin,
köçämizde bir görünsin ýene-de" -
diýip uzak gije garaşsyn ýatman,
pesi pesiň özüne goý başarsaň,
ýa ýuwaş bol ýandan geçseň oýatman,
bildirmän, duýdurman geçjek bol ümsüm,
bilse-de soň bilip, gazaba münsün,
emma muny başarmarsyň hiç haçan,
sebäbi pes pese gitmez suw ýaly,
dyrmaşar belende, bolman ýalandan
beýik bolup görünjek bor janserek,
gerekmejek ýerde gykylyk eder,
pitjiň atar jogap bermeseň beter,
çünki çyn pes özi bilen galmakdan,
ajal aljak ýaly etgiç bor heder...

  • 24.05.2015
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019