Müşgül iş

Seniň bir zalymdan sypmagyň mümkin,
ikisinden, belki-de, kgb-li arkasy,
türme, açlyk, terror bilen öldürýän,
eger birden almasa, uzak wagt kowalap,
ýöne sypmak, gutulmak, pikir et, bolar müşgül
gözi aç, göwni aç gara massadan,
kellesini ulanmadyk hiç haçan,
TV zibilini dykmakdan başga,
şalpak dili ýykjak on öýi birden,
başgalardan görýän ýaganyn ýagşyň,
ýa-da ýagmanyn;
seniň bir zalymdam sypmagyň mümkin,
ikisinden, belki-de,
emma garysyna galmak islemän,
garaşyp ýatandan bagta, eşrete,
sypmarsyň, ogul,
bu bir köne kada, şeýle her zaman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024