Jedel etme
Jedel edip, ýeňjek bolma adamy,
agzyňy deňeme şerden
şetdaly iýjek bolýana,
ýa gepden gözleme gazanç,
ýykylana eger-eger, hiç haçan
"Diýmedimmi?" diýme bolsaňam mamla,
jedel edip ýeňme adamy hergiz,
işiň bilen ýeň,
ömrüň boýy, soňky demiňe çenli
göreş işiň bilen ynanan, uýan,
jeňňi-jedel üçin ýoluňdan galma.