Käbirleri
Käbirleri "ilim" diýip,
çyny bilen ili üçin göreşýär,
käbirleri ynanmaýar iline,
hemem "ilim" diýýäne,
bakýar oňa bakan ýaly hamala
il gözüne selle, mesi geýýäne.
Käbirleri "ilim" diýip,
çyny bilen özi üçin göreşýär,
käbirleri ynanmaýar iline,
hemem diňe öz bähbidin bilýäne,
emma sesin çykarmaýar hiç haçan
ýa diýjek bolmaýar "edýäniň näme?"