"Yssy beren köpek ýegdir..."
Soňky günler "Azatlyk" radiosynyň internet saýtynda türkmen jemgyýetçiliginde eýesiz itlere bolan garaýyş barada okan zatlarym, birhili, itli dünýä syýahata çagyran ýaly boldy.
Mysal üçin, Magtymguly bir goşgusynda ygrarly köpek bilen messepsiz adamyň arasyndaky tapawudy şeýle kesgitläpdir:
«Gördük saýy köňül sowar,
Sabyrsyz, kararsyz ärden.
Yssy beren köpek ýegdir,
Uýatsyz, ykrarsyz ärden.»
Şeýle-de Magtymguly «It zeriň minnetin çekmez,//Aňlamaza sözüm ýakmaz» diýipdir. Bu setir «Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem» diýen nakyly hem ýadyňa salýar.
Magtymgulynyň başga bir setiri bolsa, sahawatsyz adamyň ýanyna, saçak ýazylmaýan ýere hatda it-pişigiň hem barmaýandygyny nygtaýar.
“Item aryklygyn gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.” – Bu-da Magtymgulydan.
Ýene Magtymgulyda, ýalňyşmasam, «It ýalyn topraga dökseň, hoşlanar» diýen bir setir bardy. Bular meniň türkmen jemgyýetçiliginde it bilen bagly pikirlenişden, pelsepeden edil häzir ýadyma düşen zatlar.
1990-njy ýyllaryň ortalarynda, biznes edip biraz eli giňän dostumyň Balkan sebitinde bir çopan goşundan alan güjügini, «süňklerini berkidýär» diýip, balyk konserwasy bilen naharlaýany, her nahardan soňam itiniň ýalagyny gowy ýuwup goýýany ýadymda. Ol öz güjüginiň tohum itiň neslidigini aýdyp öwünmegi gowy görerdi.
Bir gezek ol, öz itiniň nähili çalt ulalýandygyny görkezmek üçin, öz firmasynda sürüji bolup işleýän ýigide jaň edip, onuň itini alyp gelmegini sorady. Aýtmagyna görä, olar itlerini bir çopan goşundan, bir ganjygyň guzlan güjükleriniň içinden bile saýlap alypdylar.
Dogrudanam, bir garyndan dogan iki güjügiň tapawudy uly eken, sürüji bolup işleýän ýigidiň iti firma eýesiniň itiniň aşagyndan oňa degmän geçip bilýärdi. Sürüji ýigit utanyp, güjügini galan-gaçan nahar, köplenjem gaty-guty çörek bilen naharlaýandygyny, başlygynyňky ýaly aýratyn ýalak satyn almaga-da, itini balyk bilen bakmaga-da entek ýagdaýynyň ýokdugyny gürrüň berdi.
Biznesmen dostum şonda ýylgyryp: «Ýagdaýlary bolsa, adamlar itlerine has gowy sereder, men muny bilýän, ýöne iti uruşdyrmak üçin saklaýanlara, it urşundan lezzet alýanlara düşünip bilemok, olar türkmen dumuşyna nähilidir bir wagşylyk reňkini çaýýar» diýipdi.
Dostumyň sürüjisi rehimdar ýigit eken. «Bir gezek gije maşyn sürüp gelýärkäm, Bäherdeniň golaýlarynda, çopanyň itleri özara dalaşyp, öňüme çolaşdy. Maşyny ýuwaşatdym, emma saklap ýetişmedim, bir zada «hüt» edip uranymy, itleriň biriniň erbet waňkyranyny eşitdim... «Aý, itdir-dä» diýip, durup barlamadym, näme bolanyny bilemok. Emma şondan bäri, köçede it görsem, şo itiň sesi gulagyma gelýän ýaly bolýar - diýip, ol gözüni balkyldydyp, gürrüň berdi. - «Janawar öldümikä, ýa maýyp bolup, horlanyp ýörmükä?» diýip, aladasyny edýän. Çopan görgüli yzymdan gygyryp galdy, menem gaza basyp gaçdym, emma günäňden gaçyp gitjek ýeriň ýok eken.»
1980-nji ýyllaryň ortalarynda, 90-njy ýyllaryň başlarynda türkmen aty, türkmen halysy, türkmen iti we beýlekiler hakynda köp ýazylypdy. Meniň ol ýazylan zatlardan ýadymda galany ýok diýerlik. Ýöne Bapba Gökleňiň uçýan bilen uçmaýanyň garym-gatym edilmezligini özelenip haýyş edýän «Ýolma guşuň ganatyn» goşugusy bilen «Köpek» atly goşgusy, «gara işe nusgalyk» diýen del aňlatmasy welin ýadymda.
Şol döwürler maňa bir toýda, adymy eşidip, daşymdan tanap ýören biriniň «eýesiz it-pişiklere hossarlyk» etmek barada edýän arzuw-hyýallaryny hem diňlemek miýesser edipdi. Ol ýigit it-pişigi daşlap, kesekläp ýören çagalara hiç düşünip bilmeýändigini aýdyp, menden bu barada makala ýazmagymy haýyş edipdi.
«It gözlemez, pişik bakmaz,
Saçak ýazylmagan ýerde» -
diýip, o ýigit toýda oturanlara Magtymgulynyň «adam sahawaty, rehimdarlygy bilen beýik» diýen pikiri öňe sürendigini düşündirjek bolupdy. Emma oňa kän üns beren bolmandy, menem onuň islän makalasyny ýazyp bilmändim...
Bulary ýatlap, «Hiçden giç ýagşy» edip, itli gürrüňe nähilem bolsa dolanman bilmedim. Bapba Gökleňiň «Köpek» goşgusyny bolsa, belki pikir alyşma döreder, ynsan sahawaty hem ünsden düşürilýän rehimsizlik barada gürrüň edilmegine getirer diýen tama bilen, "Azatlyk" radiosynyň okyjylaryna hem ýetirmek isledim.
Ine, şol goşgy:
«Obaň ýeňsesinde, bir el tersine
Edilen iş – gara işe nusgalyk.
Ýatyr bezeg berip ýeriň üstüne –
Bir owadan köpek, daňylgy maslyk.
Ýatyr köpek rahat, azapdan azat,
Günäsinden, janyn berip, üzülip.
Eh, ýöne henizem bahana arap,
Maslygyň boýnundan daňylgy dur ýüp!
Nädip öldüreňde bolmaýar iti?!
Aryň alyp öldür, öldür keýpine.
Ýöne soňky demde gowşadyň ýüpi –
Bir gowşaklyk duýsun soňky deminde.
Ýatyr köpek özün siňdirip ýere,
Ýowuz nadanlygyň bir pidasy dek.
Hem çaň basan ýüpüň çala sudury
Türmede öleniň familiýasy dek.»
"Azatlyk" radiosy üçin ýazyldy.