Gurban Orazyň jaýy
Ony ilki sebit paýtagtlarynyň birinden iberýän kiçijik terjimeleri, goşgulary arkaly tanapdym. Ol şol ýerde döwlet telewideniýesinde işleýärdi.
Soň, sebitdeşi kompartiýanyň merkezi komitetinde üçünji sekretar wezipesine bellendi-de, ony ýanyna, ideologiýa bölümindäki instruktorlyk işine ýerleşdirdi. Bu has gowurak wezipä bökmek üçin ulanylýan orundy.
Soň ol köşkden iň bir meşhur gazetleriň biriniň baş redaktorlygyna geçirildi, ýöne, ýaşuly nesil bilen ýaş nesliň metbugat üstünde barýan aldym-berdimli göreşi sebäpli, bu wezipede iň az işlän kommunist boldy.
Bile işleşen aýlarym, söz, metbugat azatlygy baradaky pikirlerimiz meňzeşräk bolansoň, men onuň derejesi 'ganymat' diýip pikir edýärdim. Ýöne ara ýyllar düşüp, ençeme ýyla çeken aýralykdan soň ýurda myhman bolup, öýüne bardym-da, birden öňki pikirimi üýtgetmeli boldum.
"Bu Gurban Orazyň ýaşan jaýy, işe çagyranda ýaşuly alyp berdi..." diýip, ol gapydan girenimden sebitleriň biriniň häkimi bolup işlän tanşymyň adyny tutdy. Men başga näme diýjegimi bilmän, "Hä, şeýlemi?" diýdim. Soň onuň muny öňem birki gezek, telefon gürrüňçiliginde hem aýdandygy ýadyma düşdi.
Ýalňyşmasam, yzyna, sebit merkezine işe gidip, paýtagtdaky ýazgysyndan çykmaly bolupdy we soň çagalaryny goýup giden jaýyna gaýtadan ýazgy etdirjek bolanda, gaty kyn düşendigini gürrüň beripdi.
"Ýaşuly barka, Gurban Orazyň jaýyna göni propiska etdiripdi, indi ol ýok-da" diýipdi.
Soň ol bu işde 'ümsümleriň' kömek edendigini aýtdy.
Kommunistleriň 'ümsümler' bilen mydama gowy aragatnaşykda bolýandygyny bilýärdik we, ýaş bolamyzsoň, käte oýunlyga salyp, özara gürrüňçilikde bilýänimizi aýdyp, gaty görerler hem öýtmän, açyk gülýärdik. Ýöne 'ümsümleriň' kapasasynda ýaraly gaplaň bolup oturan aýlarymyz, üç harply edaranyň başlygy onuň bile işlän kärdeşleriniň üstünden ýazan töhmetçilikli arzasyny görkezende, gülkim tutmandy.
Bu kwartira şäheriň merkezinde, köp gatly jaýlaryň birinji gatynda ýerleşýärdi, dört otagy, öňünden goşmaça, işigindäki ýer böleginiň hasabyna gurlan giň eýwany bardy.
Ol aşhana we oturylýan jaý hökmünde ulanylýan giň otagyň bir diwaryny tutup duran şkaplary görkezip, "Şulary özüm, elim bilen ýasadym" diýdi.
"Be, bilmändirin, üsti basyrylgy ussa ekeniň, biz-ä bir çüýünem kakyp biljek däl" diýdim. Ol bu söze monça bolup güldi.
Soň, gürrüň arasynda, Gurban Orazyň ady ýene we ýene, oturan jaýymyz bilen baglylykda, birnäçe gezek ýatlandy. Men onuň soňky ýyllarda köýnek ýaly çalşyrylan sebit häkimleriniň biriniň ýaşan jaýynda ýaşaýanyna näme üçin beýle buýsanýandygyna hiç düşünip bilmedim.
Ol redaktor bolan gysga döwründe, ýalňyşmasam, iki sany uly makala ýazypdy. Olaryň birinde 'tamdaky gulak' meselesi, beýlekisinde baý bolmagyň gowudygy ýa däldigi barada gürrüň edilýärdi.
Şol wagtam biri onuň köplenç 'daýylardan' ägä bolmak we wezipe, gurplanmak barada kän pikir edýändigini, muny ulanýan sözlerinden görüp bolýandygyny ýaňzydyp, 'goşgy ýazmak nire, gorka gaplanyp, mal-dünýäniň pikirini edip ýaşamak nire?' diýip sorapdy.
Hoşlaşyp çykmazymdan öň, çaý jogabyny bermek üçin, patyşalaryň pyýada barýan ýerine sowuldym. Işimi bitirip durkam, özümem bilmän, Gurban Orazyň iş bitiren ýerinde iş bitirýärin diýip oýlandym.
Onuň ýüreginden tutan ýaly edip, gümürtik ýagdaýda ýogalandygyny aýdanlarynda, kino lentasy ýaly, uzak ýolda duşan we ir, biwagt dünýäsini başgalan adamlar, arasynda Gurban Orazyň jaýy göz öňümden geçdi.
Bu habary aýdan tanşym, ozal bile işlämsoň, ol hakda bir zatlar ýazmagymy isleýärdi. Men egnimi ýygryp, näme ýazjagymy bilmeýändigimi aýtdym. Şol gün giçlik, başymy ýassyga goýamda, ýene bir tanyş ýazyjynyň onuň 'jaý buýsanjyna' geň galyp eden gürrüňi ýadyma düşdi.