Unudylan tarap
Adam aýtdy:
"Olar ilki alladan kömege garaşdylar, ýogsa öň arak içip, hiç keýpden gaýtmandylar. Toba edip, namaz öwrendiler, her namazdan soň hudaýdan abadançylyk, parahatçylyk dilediler. Emma hudaý parahatçylyk beren ýaly bolsa-da, abadançylyk, adalat meselesinde kän kömek etmedi. Onsoň olar ösen musulman ýurtlaryndan, dindeşlerinden kömege garaşdylar. Ol hem bolmady. Soňra ösen günbatar ýurtlaryndan delalata garaşdylar. Ýöne bu ýerden hem kän netije bolmady. Şu aralykda olar ýurduň mazaly talanandygyna, özleriniň garyp düşendiklerine, gallaç galandyklaryna düşünip galdylar. Emma özleri ýatlaryna düşmedi."