Çyplak Çynyň ahwaly
Adam aýtdy:
"Kakam pahyr okuwly adamdy. Oglankam Çyn we Ýalan hakynda aýdylýan bir rowaýaty gürrüň berdi. Onda aýdylmagyna görä, günleriň bir güni Çyn we Ýalan pete-pet gelýär. Ýalan Çyna bakyp: "Gör, nähili ajaýyp howa!" diýýär. Çyn asmana seredip, ýeňillik bilen dem alýar, howa diýlişinden hem gowy eken. Onsoň olar uzakly gün bile bolýarlar we ahyrynda bir howzuň ýanyna gelýärler. Ýalan Çyna ýüzlenip: "Suw gaty gowy eken, gel, bileje suwa düşeli!" diýýär. Çyn ýene ynanmazlyk edip, suwy eli bilen barlaýar. Ol diýlişindenem ýakymly eken. Olar eşiklerini çykaryp, suwa girýärler. Emma birden Ýalan suwdan çykýar-da, Çynyň eşiklerini geýip, gaçyp gidýär. Gazaba münen Çyn gyssanmaç suwdan çykyp, Ýalany tapmaga we eşiklerini yzyna almaga çalşyp, çar tarapa alakjaýar. Emma ýalan eýýäm gözden uçupdyr. Şol aralykda çyplak Çyna gözi düşen Dünýä gaşyny çytyp, ondan ýüzüni sowýar. Biçäre Çyn yzyna dolanyp, utanjyndan howzuň içinde gizlenýär. Şondan bäri Ýalan Çynyň eşiginde dünýäni aýlanyp, Çyn bolan bolup, adamlara hezil berýär, sebäbi Dünýä barybir çyplak Çyny görmek islemeýär. Men ozallar bu gündogar rowaýatytydyr öýderdim. Görüp otursam, ol günbatara degişli eken. Arada internetde üstünden bardym. Ýöne onda Çyn bilen Ýalan howuzda däl-de, guýuda suwa düşýär we aldawa düşüp, eşiklerini aldyran Çyn soň ömürlik guýuda galýar. Bu rowaýat esasynda Žan-Leon Žerom dünýä belli "Çynyň guýudan çykyşy" diýen kartinasyny döredipdir."