Düşünişmezlik

Adam aýtdy:

"Olar jemgyýeti demokratlaşdyrmak diýenlerinde, başga ýurtlardaky ýaly azat, adalatly saýlawlary geçirmegi göz öňünde tutýandyrlar öýdüpdirin. Emma suw görmän, tamman çykaran ekenin. Ýöne şükür, hiç görmänkä, eşiklerimi geýip ýetişdim. Kakam pahyr aýdylýan söze däl, edilýän işe seret diýerdi. Işlerine seretseň, olar demokratiýa diýenlerinde domkraty göz öňünde tutýan ekenler, ýagny adamlar bir-birine domkrat goýmaly, hususan-da iň ýokary kürsüliniň kürsüsiniň aşagynda uly domkrat goýmaly we ony köp bolup ýaglamaly. Eger şu işe goşulmasaň, heläk edýän ekenler. Ozaly her zady öz ady bilen atlandyrsalar, beýle düşünişmezlik hem bolmazdy, tamman hem çykarylmazdy. "Biz jemgyýeti domkratlaşdyrýarys, eziz adamlar" diýip, göni aýdaýmaly ahyryn. Bizde şonda-da hiç hili garşylyk bolmaz, ozaly bilenem bu täzeligi ak sakgally gojalar el çarpyp garşylar. Sebäbi olar "pensiýalaryňyzy azaldýarys, düýpden kesýäris" diýenlerinde hem el çarpyp garşy aldylar-a!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024