Eneli-gyzyň tejribesi
Adam aýtdy:
"Daşary ýurtda ýaşaýarys. Ogullarym ýokary okuw jaýyny bir köpük tölemän, üstesine ýokary derejeli stipendiýa alyp tamamlady, gyzjagazym uniwersitetiň diňe birinji ýylynda pul töledi, soň ekzamende alan bahalaryny görüp, mugt okatdylar. Häzir masterligini edýär. Dokumentlerini iberende, birbada dünýäniň birnäçe uniwersiteti kabul etdi. Ýene mugt okatjak, üstesine stipendiýa töleýän uniwersiteti saýlap aldy. Emma indi bir aladasy bar, hemme ekzamenden iň ýokary baha almaly. Bir gün ekzamene taýýarlanyp otyrka halyny soradym. "Şu synagy alada edýärin, öň ekzamen tabşyran gyzlaryň biri aýtdy, bu professor gaty erbetmiş, bilene-de bäşlik goýmaýarmyş, maňa bolsa bäşlik gerek" diýdi. "Gyzym, ynanma, o gyz soraglara jogap berip bilen däldir, "bilsemem bäşlik goýmady" diýip, ýalan sözleýändir. Men studentem boldum, mugallymam, bilen studente hatda Türkmenistanda-da öz bahasyny goýýarlar, dünýäniň hiç ýerinde bilen studentiň bahasyny iýýän mugallym ýokdur, bilene bahasyny goýmaýan mugallym pedagog bolmakdan geçen, adamam däldir" diýdim. Ertesi gyzym ekzamenden çykyp jaň etdi: "Eje, sen dogry aýdýan ekeniň, bilseň iň erbet diýilýän mugallym hem bäşlik goýýan eken, üstesine saşgbolam aýdýan eken" diýdi."